Tehniki uglerod

Daşky görnüşi: uglewodorodlaryň az görnüşindäki ýagdaýynda termiki-turşulanmak ýa-da termiki dargamak şertinde emele gelýän önüm.

Ulanylyşy: halk hojalygy eksport üçin rezin önümçiliginde güýçlendiriji hökmünde peýdalanylýar. 

Gaplanylyşy: TDS-2226 boýunça PM we BMP kysymly agzy açyk ýa-da ýapyk gapakly kagyz haltalara,  TDS-17811 boýunça agzy ýapyk polietilen haltalara hem-de hereket edýän kadalaşdyryş resminamalaryna laýyklykda, ýumşak ýöriteleşdirilen konteýnerlere gaplanylýar.

Belgilenilişi:  Tehniki uglerody belgilemek üçin kagyz haltanyň iki tarapynda tutuş uzynlygy boýunça gyzyl reňkli çyzyk çekilýär. Her zolagyň bölünýän ýerinde gyzyl reňkli basma harplar bilen tehniki uglerodyň degişli kysymynyň nyşany şekillendirilýär.

Ähli kysymly tehniki uglerody gaplamak üçin ulanylýan polietlen haltalar belgilenende, sary reňkli çyzyk zolaklary çekilýär.

Ulag bilen äkitmek: ulagyň degişli görnüşinde ýükleri daşamagyň kadalaryna laýyklykda uniwersal konteýnerlerde ýa-da ýapyk ulag serişdelerinde ulag gaplarynda amala aşyrylýar.

Saklanylyşy:  tehniki uglerod çyglylanmak ýa-da hapalanmak mümkinçiligi aradan aýrylýan şertlerde saklanylýar. Gaplanylmadyk tehniki uglerod ýörite bunker ammarlarynda saklanylýar.

Fiziki-himiki görkezijileri:

Görkezijiniň ady

Bellenilen möçber K-354

1.Barabarlyk geometriki tekizlik, m2

90-100

5.Barabarlyk adsorbsion tekizlik m2

150-den köp bolmadyk

7. pH suw suspenziýasy

3,7-4,5

8. 1050C ýagdaýda ýitgileriň agram bölegi, %-den köp bolmadyk

1,5

9. Küli %-den köp bolmadyk

0,05

10. Galyndynyň agram bölegi, %-den köp bolmadyk, torly süzgüç arkaly süzülenden soňra 0,14:

 0,004

Bellik: 

 1. “Hazar” himiýa zawodynda öndürilýän önümiň K-354 kysymy üçin 8 görkeziji boýunça möçber, 2,0  %-den köp bolmadyk.

2. 10 görkeziji boýunça torda aňladylýan möçberleri 014 zerurlyk boýunça sarp ediji kesgitleýär.

Sertifikaty göçürip al

Biziň hünärmenimiz Siz bilen habarlaşyp gerekli maglumaty hödürlär