Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda 1998-nji ýylda “Senagatsuw” türkmen-türk bilelikdäki kärhanasy döredildi, 2002-nji ýylda ol “Senagatsuw” hojalyk kärhanasyna, 2006-njy ýylda bolsa “Senagatsuw” döwlet kärhanasyna öwrüldi.
2007-nji ýylda bu kärhana täze döredilen “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyna “Bereket” ýod zawody diýen at bilen geçirildi.
“Bereket” zawodynda önümler Seýitkerdere we Kuýlýar diýen täsin ýataklardan ýodbrom suwlaryndan öndürilýär, olarda ýodyň jemlenmesi 345-430 mg/l çenli ýetýär.
2000-2005-nji ýyllarda bu kärhanada ýod iki enjamda öndürilýär. 2005-nji ýylda 3-nji, 2008-nji ýylda 4-nji enjamyň ulanylmaga berilmegi bilen ýoduň öndürilýän möçberleri ýylyň-ýylyna artýar.
Ýod önümçiliginiň önümçiligini artdyrmak maksady bilen häzirki wagtda zawodyň hünärmenleriniň güýçleri bilen Çukurguýy ýatygynda täze, ýod önümçiligi boýunça tejribe – senagat enjamlaryny gurnamak işleri alnyp barylýar.
Biziň hünärmenimiz Siz bilen habarlaşyp gerekli maglumaty hödürlär