Garlykdaky kaliý dag-magdan toplumy

Türkmenistanda  “Garlykdaky kaliý önümçiligi boýunça dag-magdan”  toplumy kaliý dökünlerini öndürýän ilkinji senagat kärhanasydyr. Toplumyň gurluşygy  Türkmenistanyň Prezidentiniň  2010-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda 10802 belgili Kararyna laýyklykda amala aşyryldy. Gurluşygyň baş potratçysy   “Belgorhimprom” APJ (Belarus Respublikasy) boldy. Toplum   2017-nji ýylyň 31-nji martynda ulanmaga berildi. Toplumyň ulanmaga berilmegi we onuň gurluşygynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli guralan dabaralara Türkmenistanyň we Belarus Respublikasy   Prezidentleri gatnaşdylar.

Kärhananyň önümleriniň esasy görnüşleriniň biri  kaliý hloridi bolup durýar. Ol ownuk däneli we granulirlenen serişdelerden ybarat bolup durýar. Garlykdaky kaliý önümçiligi boýunça dag-magdan toplumynyň ýyllyk kuwwaty 1,4 million tonna önüme barabardyr.

Kaliý känleri ýerýasty şahtalaýyn usuly esasda alynýar. Ol yzygiderli iş tertipnamasy esasynda ýola goýuldy. Alnan serişde baýlaşdyryş bölüminde gaýtadan işlenilýär we baýlaşdyrylýar. Önüm ownuk däneli we granurlenen ýaly toparlara bölünýär. Tehnologik ulagmlar geçenden soň, taýýar bolan kaliý dökünleri toplumyň ammarynda jemlenýär.

Dag-magdan toplumy –ýokary hünärli işgärleri talap edýän çylşyrymly ulgam. Kärhanada ýöriteleşdirilen ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinde bilim alan hünärmenler, şeýle hem Belarus Respublikasynyň dag-magdan kärhalarynda taýýarlyk işlerini we tejribe geçen işgärler işleýärler.

 

 Toplumyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň obasenagat toplumyny mineral dökünler bilen doly üpjün etmek we kaliý dökünleriniň agramly bölegini eksporta ugratmak meselelerini çözmäge mümkinçilik berdi.

Biziň hünärmenimiz Siz bilen habarlaşyp gerekli maglumaty hödürlär