“Garabogazkarbomid” zawody

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 16-njy awgustynda gol çeken 13811 belgili kararyna laýyklykda, “Türkmenhimiýa”  döwlet konserni Ýaponiýanyň “Mitsubishi Corporation”  we Türkiýäniň “Gap Inşaat Ýatirim ve Ticaret A.Ş.”  kompaniýalar konsorsiumy bilen Balkan welaýatynyň Garabogaz şäzerinde ýyllyk kuwwaty 1155 tonna karbamid önümçiligi boýunça zawody taslamalaşdyrmak we gurmak babatda şertnama baglaşdy. 

Taslama laýyklykda bu ýerde iň döwrebap enjamlar, öňdebaryjy tehnologiýalar we serişdeler ulanylar. Ammiak önümçilik tehnologiýasyny Daniýanyň “Haldor Topsoe”  kompaniýasy, karbamid önümçiligini Italiýanyň “Saipem”  we karbamidi granurlemegi Gollandiýanyň “Uhde Fertilizers Techologies”  kompaniýalary güwalandyrdylar. Bu kompaniýalar degişli ulgamda öňdebaryjy hökmünde ykrar edildiler.

Tehnologik ulgam bu ugurda öňdebaryjylaryň biri hasaplanýan Ýaponiýanyň “Ýokogaba”, ABŞ-nyň “Honeywell”, Germaniýanyň “Siemens” ýaly dünýäde belli kompaniýalarynyň programam üpjünçiligi esasynda dolulygyna awtomatlaşdyryldy.

 Taslama durmuşa geçirilende onuň ekologiýa talaplaryna möhüm üns berildi. Howa zyňňyndylaryň ähli ugurlaryna gözegçilik serişdeleriniň bolmagy taslama taýýarlaýjylara bildirilen esasy talaplardyr. Kärhananyň zyňňyndylary esasynda howany hapalaýan serişdeleriň jemi halkara ülňülerinde ykrar edilen görkezijilerden ýokary geçmeýär. Oba hojalygyny ýokary netijesi bolan mineral dökünler bilen üpjün edilmegi ekerançylyk meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda aýratyn ähmiýetlidir. Munuň özi ýurdumyzda azyk bolçulygyny ýola goýmakda, maldarçylygyň we guşçulygyň ot-iým binýadyny ösdürmekde zerur şert hasaplanylýar. Önümleriň eksporta niýetlenmegi ýurdumyza gelip gowuşyýna walýuta serişdeleriniň mukdarynyň artmagyny üpjün eder.

Biziň hünärmenimiz Siz bilen habarlaşyp gerekli maglumaty hödürlär