“Tejenkarbamid” zawody

Bu kärhana karbamid önümçiligi boýunça Türkmenistanda ilkinji zawodlaryň biridir. Ol 2005-nji ýylda Tejen şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2001-nji ýylyň 7-nji maýynda gol çeken kararyna laýyklykda, “GAP Inşaat Ýatirim ve Diş Ticaret A.Ş.”  (Türkiýe) kompaniýasy tarapyndan gurlup ulanmaga berildi. Zawodyň ýyllyk taslama kuwwaty 350 tonna karbamid önümçiligine barabardyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Türkmenistanda senagatyň ähli pudaklarynda döwrebap tehnologiýalary netijeli özleşdirmek we peýdalanmak boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Bu bolsça ýurdumyzyň ägirt uly serişdelerini türkmen halkynyň abadançylygyň bähbidine ulanmaga mümkinçilik berilýär.

Tejen şäherindäki karbamid önümçiligi boýunça zawodda iň häzirkizaman enjamlar oturdylandyr, munuň özi karbamid önümçiliginde iň öňdebaryjy tehnologiýa işläp taýýarlamalary peýdalanmaga ýardam berýär. Tehnologiýa önümçiligi bu ulgamda iň soňky gazananlara laýyklykda işleriň doly awtomatlaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar.  Ähli tehnolgiýa işleriniň sazlaşlykly amala aşyrylmagyna dolandyryş merkezi nokadyndan gözegçilik edilýär. Önümçiligiň doly awtomatlaşdyrylmagy zawodyň hyzmat ediş işgärleriniň umumy sanyny azaltmaga şert döredýär.

Zawodyň taslamasy düzülende hem-de gurluşygynda daşky gurşawy goramak babatynda dünýä ölçegleriniň ýokary talaplary göz öňünde tutulandyr.

Zawodyň tehnologiýa işlerinde ulanylýan ygtyýarlandyryş kadalaryny dünýä belli kompaniýlar:

ammiak önümçiligi boýunça – KRUPP UNDE (Germaniýa);

karbamid önümçligi boýunça – Stamiekarbon (Niderlandlar);

kükürtturşy gazy aýyrmak boýunça – UOP (ABŞ);

karbamidi granulirlemek boýunça – HydroFertilizer (Norwegiýa) çykyş edýärler.

Tehnologiýa enjamlaryny getirmäge Mitsubishi (Ýaponiýa), ManTurbo (Germaniýa), Ýork (Germaniýa) we beýleki daşary ýurt kompaniýalary gatnaşdylar.

Biziň hünärmenimiz Siz bilen habarlaşyp gerekli maglumaty hödürlär