“Garabogazsulfat” önümçililik birleşigi

“Garabogazsulfat” önümçilik birleşigi özleşdirilmegine baryp 1924-nji ýylda girişilen Garabogazköl aýlagynyň minar çig maly käniniň binýadynda hereket edýär. Bu ýerde 1929-njy ýylda senagat önümçiligi ýola goýuldy. Bu kän senagat möçberlerinde dürli görnüşli mineral duzlaryň adaty tebigy şertlerde kristallaşýan ýeke-täk ýerdir. Aýlagy özleşdirmegiň başky tapgyrlarynda mirablit galyndylaryndan tebigy natriý sulfatynyň jemlenmesini almak bilen çäklenilipdir. Geçen asyryň 70-nji ýyllarynyň başlarynda bolsa senagat usulynda natriý sulfatyny öndürmek özleşdirildi. “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginde senagat taýdan natriý sulfatyny öndürmegiň tehnologiýa kuwwatlyklary ýylda 237,5 (A kysymly) tonna hem-de tebigy natriý sulfatynyň möçberi ýylda 66,5 müň tonna (B kysymly) deňdir. Natriý sulfaty kagyz, himiýa, sellýulozo-kagyz, aýna senagatynda, şeýle hem sintetiki ýuwujy serişdeleriň önümçiliginde, dokma, gön, metallurgiýa senagatynda  ulanylýar.

1966-njy ýylda bişofit (magniý hloridi) önümçiligi boýunça önümçilik bölümi ulanmaga berildi. Bişofiti işläp taýýarlamak üçin hlormagniý suwuklygy – tomus paslynda mirablit goşundylarynyň jemlenilen önümi çig mal bolup hyzmat edýär. 1992-nji ýylda täze bişofit önümçilik bölümi işe girizildi. Bişofiti öndürmek boýunça bellenilen kuwwatlyk ýylda 100 müň tonna deňdir. Bişofit himiýa (hlormagniý defolianty, metal magnini, duz kislotasyny öndürmek üçin), energetika (TES-de ýakylýan kükürtli mazutlara goşundy hökmünde), dokma senagatynda ulanylýar, şeýle hem buraw erginlerini taýýarlamak üçin peýdalanylýar. 1989-njy ýylda lukmançylykda bogunlaryň hem-de oňurganyň sowuklama kesellerini bejermek üçin ulanylýan balneologiýa bişofitini öndürmek işlerine girişildi.

1979-njy ýylda “Garabogazsulfat” ÖB-de lukmançlyk glauber duzunyň önümçiligi ýola goýuldy. Bu önüm esasan farmakologiýada, weterinariýada (mal lukmançylygy), matalary boýamakda hem-de elektroliz işlerinde ulanylýar. Tebigy gazanlarda toplanylýan garyşyk duzlary peýdalanmagyň esasynda 1980-nji ýylda bedeni berkidiji hem-de rahatlandyryjy serişde hökmünde ulanylýan deňiz duzunyň önümçiligi ýola goýuldy.

1986-njy ýylda ýyllyk kuwwaty 31 müň tonna deň bolan senagat epsomiti öndürmek boýunça tehnologiýa bölümi ulanmaga berildi. Epsomit sintetiki ýuwujy serişdeleri öndürmek, baş turbageçirijileri topragyň poslamasyndan goramak üçin, şeýle hem mikrodökünler we beýleki maksatlar üçin peýdalanylýar.

“Garabogazköl” aýlagynyň örän baý serişdeleri bu ýoda ençeme goşmaça himiýa (kaliý dökünleri, magniý oksidi, metal magnisi we beýlekiler) hem-de derman senagaty önümçiliklerini (lukmançylyk bejeriş duzlary we beýleki serişdeler) önümçilikleri ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Hjäzirki wagtda “Garabogazsulfat” ÖB-de natriý sulfatiý (A kysymy, B kysymy) hem-de bişofit öndürilýär.

 Türkmen himiýa senagaty işgärleri tarapyndan gymmat bahaly himiýa önümleriniň tutuş toplumyny almak maksady bilen aýlagyň kristalara suwuklaryny hem-de duzly rapany (şor duzlary) netijeli peýdalanmak boýunça birnäçe tehnologiýalar işlenilip taýýarlanyldy.

Biziň hünärmenimiz Siz bilen habarlaşyp gerekli maglumaty hödürlär